4:0. La ligada "Barselona" "Realy" derbi-dagyn etdi

  • 27.10.2024 09:24
  • 19k+

Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde 27-nji oktýabra geçilýän gije Madridiň "Realy" öz meýdançasynda "Barselonadan" ýeňildi. "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilen "El Klasiko" 4:0 hasabynda tamamlandy.

"Barselonanyň" düzüminde ikinji ýarymda Robert Lewandowski iki minutda iki gol geçirdi. Şeýle hem Lamin Ýamal we Rafinýa bir gol geçirdiler. Gollaryň ählisi duşuşygyň ikinji ýarymynda geçirildi.
Madridiň "Realynyň" hüjümçisi Kilian Mbappe oýnuň dowamynda garşydaşynyň derwezesine iki gezek gol geçirdi, ýöne iki top hem oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli hasaba alynmady.
Şeýlelikde, "Barselona" 30 utuk toplap, Ispaniýa çempionatynda öňdeligi saklap gelýär. "Real" 24 utuk bilen ikinji orunda barýar.
2-nji noýabrda geçiriljek indiki tapgyrda "Real" "Walensiýa" bilen duşuşar.  Şeýle-de şol gün "Barselona" "Espanýoly" kabul eder.


şu gün 15:58
3.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......