“Barselona” La Ligada ilkinji bolup 6500 gol belligine ýetdi

  • 27.09.2024 15:01
  • 7.9k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowskiý Ispaniýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň “Hetafe” bilen oýnunda (1:0) toparyň 6500-nji goluny geçirdi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berýär.

6500 gol liganyň 3035 oýnunda geçirildi, bu bir oýunda ortaça 2,14 gola deňdir. Bu döwürde “Barselona” 3362 topy sypdyrdy. Şeýlelikde, “Barselona” 6500 gol belligine ýeten ilkinji klub boldy. Onuň ýakyn bäsdeşi “Realyň” hasabynda häzir 6499 gol bar. Üçünji orunda ýene bir Madrid kluby -  “Atletiko”  gelýär, toparyň hasabynda 4980 gol bar.
Häzirki wagtda “Barselona” 21 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. Indiki tapgyrda topar “Osasuna” bilen duşuşar. Oýun 28-nji sentýabrda geçiriler.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......