Ançelotti yzygider utulyşsyz oýunlaryň sany boýunça La Liganyň täze rekordyny goýdy

  • 26.09.2024 09:19
  • 7.8k+

Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti La Ligada utulyşsyz tapgyr boýunça täze rekord goýup, Alberto Ormaeçeanyň 40 ýyllyk görkezijisinden öňe geçdi.

Ispaniýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyr oýnunda “Real” “Alawesden” 3:2 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňiş topar üçin yzygider 39-njy boldy, bu hem Ançelottä Ormaeçeanyň öňki rekordyny täzelemäge mümkinçilik berdi. Ormaeçeanyň ýolbaşçylygynda “Real Sosýedad” 1979 – 1980-nji ýyllarda yzygider 38 oýunda utulmandy. 
“Realyň” bu üstünlikli tapgyry La Liganyň taryhynda dowamlylygy boýunça ikinjidir. Rekord 2017 – 2018-nji ýyllarda Luis Enrikäniň we Ernesto Walwerdeniň ýolbaşçylygynda 43 oýunda utulmadyk “Barselona” degişlidir. 
Ançelotti La Liganyň taryhynda ýeňlişsiz 39 oýun görkezijisine ýetmegi başaran ilkinji tälimçi boldy.


16.06.2026 10:04
5.4k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

15.06.2026 14:15
7.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:33
5.5k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....