Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynda ilkinji bolup 5000 utukdan geçdi

  • 05.01.2025 22:36
  • 5.1k+

Madridiň “Realy” La Liganyň taryhynda 5000 utukdan geçen ilkinji klub boldy. Bu topar anna güni “Walensiýany” 2:1 hasabynda utandan soň bolup geçdi. Ýeňşiň netijesinde Ispaniýanyň çempionatynda umumy utuk sany 5002-ä ýetdi diýlip, klubuň saýtynda habar berilýär.

Bu üstünlige tarap ýol uzak boldy. “Reala” 94 möwsüm, 1833 ýeňiş we 6526 gol gerek boldy.
“Realyň” ýakyn bäsdeşi “Barselona” esli tapawut bilen yzda barýar, onuň hasabynda La Liganyň taryhynda 4887 utuk bar.
Belläp geçsek, “Walensiýa” garşy oýunda Karlo Ançelottiniň toparyna kambek etmek başartdy. “Real” oýnuň aglaba böleginde utulyp barýardy, 78-nji minutda Winisius Žunioryň meýdançadan çykarylmagy bilen bolsa, asla azlykda galdy. Şeýle-de bolsa, Luka Modriçiň we Jud Bellingemiň oýnuň ahyryndaky gollary topara ýeňiş getirdi.


düýn 18:20
3.4k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.7k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......