Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy

  • 28.05.2025 13:49
  • 9.5k+

Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.

47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy. Umuman alanyňda, Raul klubuň ulgamynda ýedi ýyl, şol sanda ýetginjekler toparynda bir ýyl işledi.
Habar beriş serişdelerinde "Realyň" ady rowaýata öwrülen bu oýunçysynyň özüne esasy topara ýolbaşçylyk etmek mümkinçiliginiň berilmändigi we onuň ýerine Habi Alonsonyň çagyrylandygy üçin lapykeç bolandygy barada ýazylypdy.
Insaýderleriň berýän maglumatyna görä, Raula eýýäm iňlisleriň “Lidsinden”, ispanlaryň “Wilýarrealyndan” we nemesleriň “Şalkesinden” teklipler gelip gowuşdy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....