“Real” möwsümiň ilkinji 6 aýynda 589,8 mln ýewro gazandy

  • 29.03.2025 10:17
  • 5.5k+

Madridiň “Realy” häzirki möwsümiň ilkinji alty aýynda, ýagny 2024-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýy aralygynda 589,8 mln ýewro gazandy. Bu geçen möwsümiň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27,9% köpdür diýip, As sport neşiri habar berýär.

“Santýago Bernabeu” stadionynyň iş wagtyndan daşary ulanylmagyndan gelen girdeji 43,9 mln ýewro ýetdi – bu geçen möwsümiň dowamyndaky girdejiniň 95%-ine deňdir. Oýun günleri girdeji bir ýyl ozalky 94,5 mln ýewro bilen deňeşdirilende 149,6 mln ýewro boldy.
“Realyň” öýünde geçiren 20 oýnunyň 19-ysyna 70 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy.
Klubuň marketing girdejisi 38,6% artyp, 250,4 mln ýewro boldy. Şeýle-de, bölek satuwdan, hemaýatkärlikden we ygtyýarnamalaşdyrmadan alnan girdejiler ýokarlandy.
“Realyň” 2024/25 möwsümi rekord girdeji bilen tamamlamagyna garaşylýar. Geçen möwsümde klub dünýäde ilkinji bolup 1 mlrd ýewrodan gowrak girdeji gazandy.


düýn 15:58
8.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......