Hans-Diter Flik La Liganyň iň gowy tälimçisi diýen ada mynasyp bolan ilkinji nemes boldy

  • 11.09.2024 13:24
  • 7.5k+

“Barselonanyň” baş tälimçisi Hans-Diter Flik Ispaniýanyň çempionatynda awgustyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Flik bu baýragy alan ilkinji nemes hünärmeni boldy diýip, Squawka habar berýär.

Flik şu möwsümden öň Hawi Ernandesiň ornuna geçip katalon klubuna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ispaniýa çempionatynyň dört başlangyç oýnunda jemi 13:3 tapawudy bilen, dört ýeňiş gazandy. Awgust aýynda “Barselona” “Walensiýany” (2:1), Bilbaonyň “Atletigini” (2:1), “Raýo Walýekanony” (2:1) we “Walýadolidi” (7:0) utdy.
Şeýle hem aýyň iň gowy tälimçisi diýen ada Luis Garsiýa (“Alawes”) we Marselino Toral (“Wilýarreal”) dagy hem dalaş etdiler.
Katalon kluby La Ligada 12 utuk toplap, “Realdan” 4 utuk öňde barýar.
“Barselona” indiki oýnuny 15-nji sentýabrda “Žirona” bilen oýnar.


düýn 23:41
2.8k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.6k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......