Habi Alonso resmi taýdan "Reala" bellenildi, "Baýerde" onuň ýerine Erik ten Hag geçdi

  • 25.05.2025 23:51
  • 10k+

Habi Alonso Madridiň "Realynyň" täze baş tälimçisi boldy. 43 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Ol wezipesine 1-nji iýunda girişer.

2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Alonso Lewerkuzeniň "Baýer" toparynyň baş tälimçisi bolup işledi. Onuň ýolbaşçylygynda klub Germaniýanyň çempionatyny hem-de Kubogyny gazandy. Ozal, 2009-njy ýyldan 2014-nji ýyla çenli Alonso "Realda" futbolçy bolup çykyş edipdi we şol döwürde topar bilen La Ligany we Çempionlar ligasyny goşmak bilen jemi alty kubogy gazandy.
"Baýeriň" baş tälimçisiniň boşan ýerine bolsa 55 ýaşly niderlandly hünärmen Erik ten Hag bellendi. Onuň bilen şertnama 2027-nji ýyla çenli baglaşyldy. Resmi şertnama duşenbe güni gol çekiler.
Ten Hagyň soňky iş ýeri Angliýanyň "Mançester Ýunaýtedi" boldy. Ol bu toparda 2022-nji ýylyň tomsundan 2024-nji ýylyň oktýabryna çenli tälimçi bolup işledi. Bu döwürde topar Angliýanyň Kubogyny we Liganyň kubogyny utdy.
Fabrisio Romanonyň maglumatyna görä, Ten Hag öňki kluby Amsterdamyň "Aýaksyna" dolanmak üçin gowy teklibe garamazdan, Lewerkuzeniň klubuny saýlapdyr. Ol "Aýaksa" 2017-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli tälim beripdi.


18.05.2026 21:08
6.1k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.2k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
4.1k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

16.05.2026 20:02
12k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....