"Barselona" 125 ýyllygyny belledi: rowaýaty futbolçylardan gutlaglar we "Realdan" “beýik garşydaş” derejesi

  • 01.12.2024 09:39
  • 12k+

29-njy noýabrda "Barselona" futbol kluby 125 ýyllygyny belledi. Ýubileý mynasybetli klub diňe bir janköýerlerden we ady rowaýata öwrülen toparlardan däl, hatda esasy garşydaşlaryndanam gutlaglary aldy.

Ýubileý senesinde klub YouTube-de toparyň taryhynyň iň täsirli sahypalaryna we muşdaklarynyň wepalylygyna bagyşlanan 8 minutlyk wideo paýlaşdy. Şeýle-de bu darabada katalonlylaryň metbugat gullugy ýygyndynyň täze nyşanyny hödürledi diýip, informator.ua ýazýar.

“Grangel doganlar Barselona bilen bilelikde klubuň 125 ýyllygy mynasybetli döredilen Pişik nyşanyny garşylaýarys. Pişik ýakymly, özüne çekiji, şadyýan ... Dünýädäki iň gowy klubuň iň gowy nyşany" diýlip, çeşmäniň habarynda aýdylýar.

Klubuň döredilen gününde nyşana öwrülen Pişik Lamin Ýamal bilen Gawini sahna çagyrdy. Oýunçylar bolsa muňa garaşmaýardylar.
Pep Gwardiola hem kluby ýubileý bilen gutlady. Ol 1990-2001-nji ýyllar aralygynda "Barsa" toparynda oýnady, soňra 2008-2012-nji ýyllar aralygynda toparyň baş tälimçisi bolup işledi. Klub taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen öňki oýunçylaryny hem günüň gahrymanlary edip, olary-da gutlady. Olaryň arasynda Lionel Messi, Neýmar, Hawi, Pike, Ronaldinýo, Stoiçkow, Luis Enrike, Patrik Kluiwert, Frank Raýkard we beýlekiler bar. Baýramçylyk wagtynda klubuň weteranlarynyň köpüsi Barselonanyň prezidenti Joan Laporta bilen bilelikde klubuň resmi senasyny - akapella aýdymyny aýtdylar diýip, championat.com ýazýar.

“Barselonany 125 ýyllygy bilen gutlaýaryn, bu klubuň bir bölegi we onuň janköýeri bolmak meniň üçin uly hormat. Hudaýyň meni bu ýere getirendigi üçin men bagtly. Bu kluby, şäheri, adamlary, söýgini we beýleki zatlary küýsedim. Hemişe bolşy ýaly, üstünlik gazanmagy dowam etdireris we bu kluby hasam ulaldarys diýip umyt edýärin. "Barselona" beýleki toparlardan tapawutlylykda ajaýyp we aýratyn klub" diýip, Messi Catalunya Radiosynda aýtdy. Futbolçy 2000-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli bu klubuň düzüminde boldy.

“Şeýle klubuň taryhynyň bir bölegi bolmak - bu arzuw. Ol meniň ýüregimde hemişelik galar. Geljek ýyllar üçin, Barsa" diýip, Neýmaryň öňki Twitter-de paýlaşan sözlerini "Managing Barca" sitata edip getirýär. Braziliýaly futbolçy 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli toparda oýnady.

Taryhynyň dowamynda katalonlylaryň klubunyň esasy garşydaşy Madridiň "Realy" garaşylmadyk ýagdaýda gutlaglara goşuldy.

“Barselonany 125 ýyllygy bilen gutlaýarys. Real üçin seniň ýaly beýik garşydaş bilen taryhymyzda bäsleşmek buýsançdyr" diýip, ýygyndynyň X-daky resmi sahypasynda ýazylýar.

"Barselona" resmi web sahypasynda 125 sany surat bilen retrospekti paýlaşdy. Ol paýlaşylanlar meşhur klubuň taryhyndan esasy suratlardyr. Olar diňe bir futbolçylaryň däl, eýsem, basketbolçylaryň, welosiped sürüjileriň we katalonlylaryň sport ulgamynyň beýleki wekilleriniň üstünliklerini görkezýär.


şu gün 14:15
3.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......