2.5k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 7 mln 435 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar...

3.8k+

Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi

20-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli guraldy...

11k+

Aşgabatda döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi

20-nji sentýabrda Aşgabatda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy...

2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

11k+

Azerbaýjan nebit tankerini gurup, Türkmenistana sowgat berer

Baku gämi gurluşyk zawodynda 8 müň tonna ýük göterijilikli nebit daşaýan tankeriň gurluşygy alnyp barylýar. Ol Azerbaýjanyň adyndan Türkmenistan üçin sowgat hökmünde, iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde berler...

7.6k+

Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplum gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi...

27k+

Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda täze etraplar döredildi

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanda dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr etraby, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk, Gubadag etraplary, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplary, Mary welaýatynda Oguzhan etraby döredildi...

3.2k+

Rumyniýada geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti bellenildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi. Maslahat Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

16k+

Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler

Aşgabatda käbir köçelerde we şaýollarda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek boýunça taýýarlyklaryň çäginde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak maksady bilen geçirilýär diýip, şäher häkimligi habar berýär...

3k+

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy halkara derejeli bilermenleri jemledi

18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň birinji güni geçirildi. Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi...

2.7k+

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

4.3k+

Türkmenistan sebitleýin taslamanyň çäginde weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini berkidýär

16-njy sentýabrda Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk" - azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyñ öňüni almak” atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Bütindünýä bankynyň Oba hojalygy boýunça baş ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi...

5.1k+

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki günläp dowam etjek forumyň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi «Turkmen Congress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

6.5k+

Kaka etrabynyň täze obasynda ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýer “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar...