Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek konsertleriň we baýramçylyk şowhunlarynyň sanawy

  • 27.12.2025 11:26
  • 13k+

27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.

30-njy dekabrda sagat 18:00-da baýramçylyk hepdesi türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň konserti bilen jemlener.
28-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar. Konsertde dünýä nusgawy sazlarynyň ajaýyp eserleri ýaňlanyp, olar diňleýjilerde Täze ýyl ruhuny döreder we saz gurallarynyň jadyly owazyndan ruhy lezzet almaga mümkinçilik berer.
29-njy dekabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Roždestwo hitleri» atly konsert geçiriler. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallar orkestri meşhur Täze ýyl filmlerinden sazlary ýerine ýetirer.
Paýtagtymyzyň teatrlary hem Täze ýyl baýramyny şatlykly geçirmäge çagyrýarlar:

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

  • 27.12.2025: «Gelin gelýär» 19:00;
  • 28.12.2025: «Gelin gelýär» 19:00;
  • 29.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00;
  • 30.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

  • 27.12.2025: «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» 19:00;
  • 28.12.2025: «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» 19:00;
  • 30.12.2025: «Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

  • 28.12.2025: «Täze ýylyň jadyly sandygy» 19:00;
  • 30.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

  • 27.12.2025: «Дед Мороз и серый волк» («Aýazbaba we çal möjek») 12:00;
  • 28.12.2025: «Дед Мороз и Снежная королева» («Aýazbaba we Gar şazenany») 11:00; 13:00;
  • 30.12.2025: «В гостях» («Myhmançylykda») 19:00;
  • 31.12.2025: «С Новым годом!» («Täze ýylyňyz bilen!») 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

  • 29.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00;
  • 30.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

  • 27.12.2025: «Çagaly öý — bazar» 17:00;
  • 28.12.2025: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» 12:00; 16:00; 19:00;
  • 29.12.2025: «Çagaly öý — bazar» 14:00; 16:00;
  • 30.12.2025: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» 12:00; 14:00.

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......