Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy körpeler üçin çäre gurady

  • 31.12.2025 13:43
  • 11k+

30-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow çykyş edip, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalary hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Baýramçylyk dabaralary “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
“Jahan” döredijilik merkeziniň çagalarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde bagtyýar çagalygyň senasyna öwrülen “Aýterek-Günterek” atly aýdymyň ýaňlanmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Soňra dabara gatnaşýan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......