Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi we jemgyýeti öwreniş boýunça okuw kitaplary neşir edildi

  • 29.12.2025 11:26
  • 3.3k+

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen täze okuw kitaplary çapdan çykdy.

Täze neşirleriň biri «Türkmençe-parsça gepleşik sözlügidir». Bu gollanmanyň awtorlary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Arzuw Setdarowa hem-de Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Omargeldi Myradowdyr.
Gollanmada gündelik aragatnaşyklar üçin mowzuklaýyn bölümler, grammatik maglumatlar we leksiko-semantik adalgalar ýerleşdirilipdir. Okuw materialy ýönekeýden çaltlandyrylan görnüşe geçmek ýörelgesi esasynda guralypdyr we sözleýiş endiklerini ösdürmek üçin ýörite tapşyryklary öz içine alýar.
Şeýle hem, täze neşirleriň sanawyny rus dilinde okadylýan mekdepleriň XII synplary üçin niýetlenen «Jemgyýeti öwreniş» okuw kitaby doldurdy. Bu kitabyň üstünde mugallymçylyk institutynyň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň wekilleri Peýşembaý Aýdogdyýew, Hurmagül Jumabaýewa we Goçmyrat Hanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew dagy işlediler.
Okuw gollanmasynyň mazmuny Bilim ministrliginiň okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol özünde nazary maglumatlary, şeýle hem her mowzuk boýunça barlag soraglaryny we amaly ýumuşlary jemleýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......