Türkmenistanda resmi taýdan GDA-da başlyklyk edip başlady

  • 01.01.2026 18:28
  • 5.9k+

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralarynda başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabat Guramanyň mümkinçilikleriniň iň ýokary derejede amala aşyrylmagyna ýardam bermegi meýilleşdirýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz başlyklygyny ähli gatnaşyjy döwletleriň hormatynyň we ynamynyň, şeýle hem ýurduň GDA-nyň ösüşine goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň alamaty hökmünde kabul edýär.
Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi üçin ýurduň iň möhüm hasaplaýan zerurlyklaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öz garaýyşlaryny we çemeleşmelerini görkezýän konsepsiýany işläp düzjekdigini nygtady.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasydyr. Aşgabat gurama soňky gezek 2019-njy ýylda başlyklyk etdi.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....