Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji perzendi Aşgabatda dünýä indi

  • 02.01.2026 11:51
  • 22k+

1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze ýylda ilkinji çaga dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Atamyrat diýip at goýdy. Bedew batly ösüşlere beslenjek ýylymyzyň ilkinji gününi begenç-buýsanja beslän akja bäbek, Gaýypowlaryň agzybir maşgalasy bilen birlikde, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň şatlygyny artdyrdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň ilkinji ogul perzende gözi düşdi. Bu bagtyýar maşgala Türkmenistanyň Prezidentiniň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlar aýdyldy.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Aşgabat şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Atamyratjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 3100 gram, boýy bolsa 48 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär. 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......