2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat

  • 29.12.2025 16:46
  • 17k+

2025-nji ýylyň 29-njy dekabry - 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygyndaky hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ygalyň mukdarynyň 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi  ýurdumyzda ýylyň soňky hepdesinde bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 11-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+1°С-dan +5...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +3...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+17°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7...+12°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +3...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine        -3...+2°С-dan +5...+10°С aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+11°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günortadan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +6...+11°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda   7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7°С sowukdan -2...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+5°С-dan +6...+11°С aralygynda maýyl bolar.


düýn 19:04
4k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......