Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi

  • 26.12.2025 22:50
  • 24k+

2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde täze ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda,  2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýdyp, bu teklibi goldady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygary yglan edilýär we nyşany kabul edilýär. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......