Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

  • 27.12.2025 11:14
  • 24k+

26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýdyp, ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi.
2025-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi. Bu mejlislerde we maslahatlarda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seredildi.

“Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde, obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....