Täze ýylyň öňýanynda Aşgabat we Mary şäherlerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy

  • 30.12.2025 16:40
  • 13k+

29-njy dekabrda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän raýatlarymyza, şeýle hem Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda ildeşlerimize täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryndan öýlere eýe bolmak olaryň bagtyýar maşgalalary üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy.


düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......