Maslahat köşgünde 2026-njy ýyly garşylamak mynasybetli çagalaryň baýramçylyk çäresi geçirildi

  • 27.12.2025 11:20
  • 6k+

26-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde çagalaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çagalaryň Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikdäki şatlykly çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýerde guralan baýramçylyk çäresine özboluşly bezeg berdi.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda parahatçylyk we rowaçlyk baradaky päk arzuwlara uly orun berildi. Dabara gatnaşan ene-atalar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan ähli çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan çagalaryň hemmesine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....