TMCARS: “Täze – 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!"

  • 31.12.2025 16:47
  • 80k+

TMCARS-yň gadyrly ulanyjylary!
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Goý, 2026-njy ýyl durmuşyňyzda iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçiliklere baý ýyl bolsun! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: 5 milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär. Bizde millionlarça çözgüt tapylýar!
TMCARS - bu diňe bir bildirişler platformasy bolman, eýsem, satmak, satyn almak, gerekli harydyňy ýa hyzmatyňy tiz tapmak üçin meýdançadyr. Biz siziň durmuşyňyzyň we işiňiziň bir bölegi bolanymyz üçin buýsanýarys.
2025-nji ýylda biziň bilen bolanlygyňyz üçin size minnetdar! Täze ýylda täze sepgitlere bile ýetmek arzuwy bilen,
2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!

Instagram: tmcarsinfo
TikTok: tmcarsinfo

Hormatlamak bilen, TMCARS-yň işgärleri!


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......