Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar

  • 01.01.2026 18:19
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz hem toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi.

Bu intellektual bäsleşik Hohaý uniwersitetiniň binýadynda guralyp, oňa dünýäniň 66 ýokary okuw mekdebinden 600-den gowrak wekil gatnaşdy.
Halkara bäsleşikde Türkmenistana Dursunjemal Ataýewa we Mähriban Azadowa wekilçilik etdiler. Gatnaşyjylaryň ikisi hem şahsy hasapda ýokary netijeleri görkezip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna göterilmegi başardylar.
Baýrakçylaryň gazanan üstünlikleriniň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda dabaraly çäre geçirildi. Ýeňijilere hormat hatlary gowşuryldy. Dabara okuw mekdebiniň döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......