Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

  • 02.01.2026 16:51
  • 17k+

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi. Bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Maksatnama ýeňijilere okuw ýylynyň dowamynda meýletin kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berýän talyp hakyny berýär.
Gitmek-gelmek hem-de ABŞ-da ýaşamak bilen bagly ähli harajatlary maksatnama dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
«FLEX» maksatnamasynyň synaglary aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:

  • Synaglara 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2010-njy ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan, harby gulluga gitmeli oglanlar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we ýetişigi gowy bolan;
  • Iňlis dilini öňden öwrenip gelýän we hasaba alyş döwründe iňlis dili bilimini görkezen;
  • Soňky bäş ýylyň dowamynda ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
  • ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;
  • Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Synaga gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3x4 ölçegli bir fotosuratyny, ruçka alyp gelmelidir we mekdep lybasynda bolmalydyr.
Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar özüni talabalaýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, olar «FLEX» maksatnamasynyň synagyndan çykarylyp bilner. Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektron enjamlary ulanmaga rugsat berilmeýär.
Synaglaryň rejesi
Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar onuň Aşgabat şäherinde geçiriljek birinji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Okuwçylara bäsleşigiň birinji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat berilýär.
Goşmaça maglumat üçin: Amerikan geňeşleriniň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Bäsleşigiň geçirilýän ýerleri

  • 4-nji ýanwar, Mary welaýaty, Mary ş., 19-njy orta mekdep, 09:00;
  • 6-njy ýanwar, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., 4-nji orta mekdep, 09:00;
  • 8-nji ýanwar,   Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., 2-nji orta mekdep, 09:00;
  • 10-njy ýanwar, Balkan welaýaty,       Balkanabat ş., 3-nji orta mekdep; 09:00;
  • 11-nji ýanwar, Aşgabat ş. we Ahal welaýaty, 20-nji orta mekdep, 09:00.

01.06.2026 17:06
2.6k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
8.8k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......