Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty açyldy
12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň hem açylyş dabarasy geçirildi...