Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Aziýanyň rekordyny goýup, altyn medal gazandy

  • 31.10.2025 09:55
  • 12k+

Türk­me­nis­tanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew häzirki wagtda Bahreýniň Manama şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Bu barada ýaryşyň resmi saýtynda habar berildi.

Didarbek 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Itekläp götermekde iň gowy synanyşygynde ol 177 kilogram agramy göterip, Aziýanyň ýetginjekler boýunça kontinental rekordyny täzeledi.
Kümüş medaly Gazagystandan onuň familiýadaşy – Nurjan Jumabaý gazandy (176 kg), bürünç medaly bolsa hytaýly türgen Sýao Ao aldy (172 kg).
Silterläp götermekde Didarbek 138 kilogram bilen üçünji orny eýeledi. Bu agramda birinji orny Nurjan Jumabaýew (146 kg), ikinji orny bolsa Bahreýniň wekili Adrian Grandje (142 kg) aldy.
Ýaryşyň sekiz gününiň netijesi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy jemi alty medal gazandy: 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç.


düýn 23:43
5.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......