3.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

16k+

Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi...

7k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi...

4.5k+

Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde geçirilen duşuşygyň barşynda Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi...

3.5k+

Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri durnukly ösüş we dolandyryş boýunça okuw geçýärler

14-nji iýulda Aşgabat şäherinde iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Okuwlar Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

9.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi...

9.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi...

6.5k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...

10k+

Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy...

7.2k+

19-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

23k+

Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly...

16k+

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesi girizildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy...