Türkmenistan «Lu Ban ussahanasy» üçin enjamlary almak hakynda Hytaý bilen şertnama baglanyşdy

  • 12.11.2025 18:40
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Pekindäki ilçihanasynda «Lu Ban ussahanasy» (Luban Workshop) üçin enjamlaryň ilkinji tapgyryny ibermek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu ussahana Aşgabadyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda işläp başlar. Şertnama gol çekilmegi taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanmagyny aňladýar.

Dabara Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew, Siýan Nebit uniwersitetiniň wise-prezidenti Çžan Žunzýun hem-de Hebeý Nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň prorektory Ma Sýançaý gatnaşdy.
Ilçi Durdyýew gazanylan ösüşiň ähmiýetini belläp, taslamanyň möhüm ornunyň bardygyny nygtady.
«Lu Ban ussahanalary» — Hytaýyň hünär-tehniki bilim ulgamyndaky milli brendidir we «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerindäki ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hasaplanýar. Türkmenistanda dörediljek ussahana nebitgaz, senagat we energetika ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamakda strategik merkez bolar.
Türkmen ilçisi ilçihananyň bu taslamanyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, hünär bilimi ulgamyny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli taraplaýyn goldaw bermegini dowam etdirjekdigini belledi.
Hytaý tarapynyň wekilleri şertnama gol çekilmeginiň taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem wise-prezident Çžan Žunzýun «Bir guşak, bir ýol» bilelikdäki ylmy laboratoriýasyny HNGU-nyň düzüminde döretmek teklibini öňe sürdi. Bu başlangyç türkmen tarapynyň goldawyna mynasyp boldy.


07.06.2026 20:08
4.5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....