Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär

  • 12.11.2025 18:22
  • 2k+

12-13-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär.

Institutyň habar bermegine görä, bäsleşige 10 sany daşary ýurtlaryň 49 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 121 sany, Türkmenistanyň 15 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 69 sany ylmy-taslama işleri hödürlendi.
12-nji noýabrda institutyň uly mejlisler zalynda bäsleşigiň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory halkara bäsleşigine gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän dabarada şeýle hem Kazan döwlet agrar uniwersitetiniň Mehanizasiýa we tehniki hyzmat institutynyň direktory, tehnika ylymlarynyň kandidaty W.Medwedew çykyş etdi.
Günüň ikinji ýarymynda daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ylmy-taslamalary diňlenildi we seljerildi.


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

17.05.2026 14:21
3.9k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......