Türkmen talyplary Polşada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 22 medal gazandylar

  • 12.11.2025 17:44
  • 6k+

6–10-njy noýabr aralygynda Katowise şäherindäki (Polşa) Sileziýa uniwersitetinde geçirilen talyplaryň halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda ýurdumyzyň wekilleri jemi 22 medala mynasyp boldular diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Şahsy bäsleşiklerde türkmen talyplary 9 altyn, 8 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. Toparlaýyn bäsleşikleriň netijesinde bolsa bu sanawa goşmaça 2 kümüş we 1 bürünç medal goşuldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň wekilleri iki höweslendiriji baýrak bilen sylaglanyldy.
Olimpiada Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň hem-de Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryndan gelen 150-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi.
Bäsleşige gatnaşyjylara matematikanyň esasy bölümleri boýunça çylşyrymly meseleler teklip edildi — matematiki analiz (topologiýa we toplumlaryň teoriýasy bilen birlikde), funksional we differensial deňlemeler, algebra we kombinatorika, geometriýa, çyzykly algebra hem-de ähtimallyklar teoriýasy boýunça.


19.06.2026 18:41
2.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......