13k+

Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär...

4.7k+

Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi

Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy...

17k+

Ilon Mask Trampyň administrasiýasyndaky wezipesinden çekilýändigini mälim etdi

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyndaky ýörite döwlet gullukçysy wezipesinden çekilýändigini mälim etdi. Telekeçi administrasiýanyň düzüminde döredilen Hökümet netijeliligi departamentine (DOGE) ýolbaşçylyk edýär...

5.5k+

Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi

Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär. Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy...

7.2k+

Ahal welaýatynyň Sarahs şäherinde täze bazar gurlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly teklibi makullady. 29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew...

5.2k+

«Hermès» 15 müň dollarlyk kaşaň nauşnik çykardy

«Hermès» 15 müň dollara nauşnik hödürledi. Onuň dizaýny üçin brendiň meşhur önümlerinden, esasanam «Kelly» atly sumkasyndan ylham alnypdyr diýip, «WWD» ýazýar. Model «Hermès-iň» döredijilik ussahanasy bolan «Ateliers Horizons» tarapyndan, dizaýner Aksel de Boforyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülipdir...

4.8k+

Pakistanyň Senatynyň Başlygy resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär

Pakistanyň Senatynyň Başlygy (Mejlisiň ýokarky palatasy) Saýed Ýusuf Reza Gilani resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Pakistan telewideniýe korporasiýasynyň habaryna görä, bu sapar Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar...

3.4k+

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlary geçýärler

26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde akademiýanyň wekilleri adam  serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça uzak aralyklaýyn onlaýn okuwlaryny geçýärler...

2.8k+

Durow: Telegram-da Ilon Maskyň Grok çat-boty peýda bolar

Pawel Durowyň «Telegram» messenjeri bilen Ilon Maskyň «xAI» atly startapy «Grok» çat-botuny ýaýratmak maksady bilen, bir ýyllyk hyzmatdaşlyga geldiler. Bu barada messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow «X» sosial torunda habar berdi...

14k+

ABŞ-daky kazyýet Trampyň gümrük paçlarynyň köpüsini ýatyrdy

ABŞ-nyň Halkara Söwda meseleleri boýunça federal kazyýeti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlarynyň bikanundygyny aýdyp, olaryň köpüsiniň güýjüni ýatyrdy. Bu barada şu gün «Associated Press» agentligi habar berdi...

6.4k+

“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy

Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy...

8.5k+

4D modelde geljekde dünýäniň iň beýik binasynyň gurluşygynyň meýilnamasy görkezildi

Saud Arabystanynyň Jidda şäheriniň golaýynda gurulýan dünýäniň iň beýik binasy bolan Jeddah Tower-iň gurluşygynyň täze wizuallaşdyrylan görnüşi görkezildi. Gurluşykçylar 4D BIM modelini ulandylar, ol adaty 3D modelinden tapawutlylykda gurluşygyň diňe bir giňişlik däl, eýsem wagt parametrlerini hem görkezmäge mümkinçilik berýär...

13k+

Messi we Suares öz futbol klubuny döretdi

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi öz urugwaýly dosty we topardaşy Luis Suaresiň taslamasyna goşuldy. Olar bilelikde özleriniň futbol klubunyň döredilendigini habar berdi...

3.3k+

ChatGPT Plus ilkinji bolup BAE-niň ýaşaýjylary üçin mugt elýeterli bolar

Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary tiz wagtdan dünýäde ilkinji bolup ChatGPT Plus-a – OpenAI-iň çat-botunyň tölegli wersiýasyna mugt elýeterli bolar. Bu OpenAI bilen BAE-niň hökümetiniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlyk taslamasynyň bir bölegidir diýip, The Economic Times neşiri ýazýar...