Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar

  • 30.05.2025 10:53
  • 3.6k+

“Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow habar berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu taslama degişli döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijesinde taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...