iPad-de indi WhatsApp elýeterli boldy. Munuň üçin 15 ýyl sarp edildi

  • 29.05.2025 18:51
  • 2.7k+

WhatsApp messenjeriniň iPad üçin wersiýasy işe girizildi. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berildi.

Bu wersiýany işläp taýýarlamak üçin 15 ýyl gerek boldy: WhatsApp-yň özi 2009-njy ýylda, ilkinji iPad bolsa 2010-njy ýylda peýda boldy.
Indi messenjeriň ähli esasy funksiýalary Apple planşetlerinde elýeterlidir. iPad ulanyjylary 32 adamyň gatnaşmagynda audio we wideo jaňlary amala aşyryp biler, ekrany görkezip biler, hem frontal, hem esasy kamerany ulanyp biler.
Programma iPadOS-da bir wagtda birnäçe programmany ulanmagy we ekrany bölmek funksiýasyny goldaýar. Bu bir wagtyň özünde habar ibermäge we brauzerde saýtlary görmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, iPad-de WhatsApp messenjeri Apple Pencil we klawiatura bilen gabat gelýär. Beýleki gurluşlardaky ýaly, ähli habarlar, jaňlar we mediafaýllar şifr arkaly goralýar.
Programmany App Store arkaly gurnamak bolýar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...