Iň uzakdaky galaktika tapyldy: bu açyş irki Äleme degişli ozalky teoriýalary sorag astyna alýar

  • 29.05.2025 18:17
  • 4.8k+

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary häzirki wagta çenli üsti açylan iň uzakdaky galaktikanyň tapylandygyny mälim etdiler. Gözleg «Jeýms Uebb» kosmos teleskobynyň maglumatlaryna esaslanyp, irki ýyldyz ulgamlaryny öwrenýän «Mirage» atly maksatnamanyň çäginde alnyp baryldy.

Täze tapylan galaktika «MoM-z14» diýlip atlandyryldy. Astronomlaryň aýtmagyna görä, onuň gyzyla süýşmesi z = 14,4-e deň. Bu şol galaktikadan çykýan ýagtylygyň bize ýetip gelmegi üçin 13,5 milliard ýylyň gerekdigini aňladýar. Ýagny, biz ony Uly partlamadan bary-ýogy 280 million ýyl soňky ýagdaýynda görýäris.
«MoM-z14» alymlary ajaýyp ýagtylygy we ululygy bilen haýran galdyrdy. Ozal beýle äpet we ýagty galaktikalar beýle çalt döräp bilmez diýlip hasap edilýärdi. Emma bu ýeke-täk mysal däl. Mundan ozal hem «MoM-z14» bilen ýaşdaş «JADES-GS-z14-0» atly galaktika tapylypdy, ol hem örän ýokary ýagtylygy bilen tapawutlanýar. Iki galaktikanyň hersiniň diametri 1600 ýagtylyk ýylyndan hem köp bolup, ýüz millionlarça Gün massasyna deň agramy bar.

Gözlegleriň netijesine görä, bu galaktikalaryň ýagtylygynyň sebäbi, ýokary massaly gara girdaplar bilen däl-de, eýsem köp sanly ýaş we ýagty ýyldyzlar bilen baglanyşykly. «Uebb» teleskobynyň infragyzyl spektrometri «MoM-z14-iň» düzüminde azodyň mukdarynyň ugleroddan ýokarydygyny görkezdi. Şuňa meňzeş aýratynlyklar Akmaýanyň ýolunyň daşky böleklerindäki käbir gadymy ýyldyz toplumlarynda hem bar. Bu bolsa dürli döwürlerde ýyldyzlaryň döreýiş prosesleriniň meňzeş bolandygyny görkezýär.
Alymlar şeýle hem irki döwre degişli galaktikalaryň iki esasy görnüşe bölünýändigini belleýär: azot mukdary köp bolan dykyz galaktikalar we azot mukdary pes bolan has seýrek gurluşly galaktikalar. Täze gözlegler Älemiň ösüşinde öň bize mälim bolmadyk mehanizmleri öwrenmäge ýardam berer.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....