Messi we Suares öz futbol klubuny döretdi

  • 28.05.2025 20:33
  • 13k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi öz urugwaýly dosty we topardaşy Luis Suaresiň taslamasyna goşuldy. Olar bilelikde özleriniň futbol klubunyň döredilendigini habar berdi.

“Deportiwo LSM” atly täze klub Urugwaýyň çempionatynyň dördünji diwizionynda çykyş edip başlar.
Ol ýurduň paýtagty Montewideoda, Suares tarapyndan gurlan sport toplumynda ýerleşer.
Suares bu başlangyjy 2018-nji ýylda öňe sürdi.

“Bu taslama biziň futbol baradaky garaýyşlarymyzy paýlaşmagy dowam etdirmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy, şonuň üçin men öz dostumy “Deportiwo LSM-e” goşulmaga çagyrdym” – diýip, Suares Instagram sahypasynda ýerleşdirilen wideoda aýtdy. 


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......