Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygy başlanýar

  • 30.05.2025 11:05
  • 3.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň döwrebap binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow Aşgabatda
 “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 4 gektar bolan, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary, tehniki binalary hem-de desgalary öz içine alýan täze merkezi gurmak meýilleşdirilýär.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......