2 — 7-nji iýunda “Awazada” halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

  • 30.05.2025 11:34
  • 4.7k+

2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa bu halkara çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany festiwala gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.


şu gün 00:03
1.7k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......