«Hermès» 15 müň dollarlyk kaşaň nauşnik çykardy

  • 29.05.2025 18:20
  • 5.2k+

«Hermès» 15 müň dollara nauşnik hödürledi. Onuň dizaýny üçin brendiň meşhur önümlerinden, esasanam «Kelly» atly sumkasyndan ylham alnypdyr diýip, «WWD» ýazýar.

Model «Hermès-iň» döredijilik ussahanasy bolan «Ateliers Horizons» tarapyndan, dizaýner Aksel de Boforyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülipdir. Ol mundan ozal hem brend üçin deri hiňňildikler we serfbordlar taýýarlapdy.
Nauşnikleriň korpusy elde boýalan göle derisinden ýasalypdyr. Bezeginde gymmat bahaly metallar we gaýtadan işlenilen agaç ulanylypdyr. Nauşnikler gara, goňur we gök reňklerde hödürlenýär.

Nauşnikleriň içinde döwrebap audiokomponentler ýerleşdirilen, olar arassa sesi we çuňňur baslary üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, «Hermès» bu ýerde tehnologiki aýratynlyklaryň esasy maksada öwrülmändigini belleýär. Üns ilkinji nobatda ussatlyga we daşky gözelligiň sazlaşygyna berilýär.
Täze önümiň satuwy tomusda başlanar. Nauşniklerden başga-da, kompaniýa beýleki saz aksessuarlaryny hödürlär. Meselem, kub şekilli dinamikalar we gyzyl agaçdan ýasalan DJ stoly.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......