ABŞ talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi togtatdy

  • 30.05.2025 00:17
  • 10k+

Donald Trampyň administrasiýasy F, M we J kategoriýaly talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi wagtlaýyn togtatmagy tabşyrdy. Bu barada döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekilen içerki resminama salgylanyp, Politico neşiri habar berýär.

Söhbetdeşlik täze görkezmeler alynýança meýilleşdirilmez. Eýýäm meýilleşdirilen interwýular ýatyrmaga degişli däldir.
Bu çäre administrasiýanyň arza berýänleri barlamagyň tertibini üýtgetmek meýilnamalary bilen baglanyşykly. Hususan-da, olaryň sosial ulgamlardaky akkauntlaryny öwrenmek hökmany hasaplanýar.
Sosial ulgamlardaky sahypalary seljermegiň ölçegleri mälim edilmeýär. Resminamada terrorizme we antisemitizme garşy göreşe gönükdirilen permanlar agzalýar.
The Wall Street Journal-yň belleýşi ýaly, mejbury togtatma arzalaryň iň köp tabşyrylýan döwrüne gabat geldi we wizalary resminamalaşdyrmagy düýpli haýalladyp biler. Bu daşary ýurtly talyplaryň amerikan ýokary okuw mekdeplerine girmegini kynlaşdyrýar. Aýratynam, býujeti daşary ýurtly talyplaryň hasabyna garaşly bolan uniwersitetler uly zyýan çeker.
Bu çözgüt tankyda getirdi. Oňa garşy halkara bilim pudagynda hünärmenler assosiasiýasy NAFSA garşy çykdy. “Daşary ýurtly talyplaryň howp abandyryp biljekdigi baradaky pikir manysyz. Olar – Birleşen Ştatlaryň aktiwi. Şeýle barlaglar üçin maliýe we wagt çykdajylary hem uly mesele döredýär” – diýip, guramanyň baş direktory Fanta Au belledi.
Talyp wizalaryny resminamalaşdyrmak işini togtatmak ädimi Ak tamyň akademiki jemgyýete edýän basyşynyň dowamy boldy. Ozal Tramp daşary ýurtlularyň Garwarda okuwa girmegini gadagan etmäge synanyşypdy, ýöne ABŞ-nyň okrug kazyýeti bu çözgüdi petikledi.
Statistika boýunça, ABŞ-da, takmynan, bir million daşary ýurt raýaty ýokary bilim alýar, olar ykdysadyýete her ýyl 44 mlrd getirýär.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......