Ilon Mask Trampyň administrasiýasyndaky wezipesinden çekilýändigini mälim etdi

  • 30.05.2025 12:25
  • 17k+

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyndaky ýörite döwlet gullukçysy wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

Telekeçi administrasiýanyň düzüminde döredilen Hökümet netijeliligi departamentine (DOGE) ýolbaşçylyk edýär. Bu edara hökümetiň çykdajylaryny, şol sanda «netijesiz» döwlet işgärleriniň sanyny azaltmak maksady bilen döredilipdi.

«Ýörite döwlet gullukçysy wezipesindäki iş möhletimiň tamamlanmagy bilen baglylykda, serişdeleriň biderek harçlanmagyny azaltmaga mümkinçilik döredendigi üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlygymy bildirýärin» — diýip, Mask 29-njy maý gijesi «X» sosial torunda ýazdy.

«CNN-iň» Ak tamdaky çeşmesine salgylanyp ýazmagyna görä, milliarderiň bu wezipedäki iş möhleti 130 gün bilen çäklendirilipdir we bu möhlet 30-njy maýda tamamlanýar.
Maskyň sözlerine görä, DOGE missiýasy wagt geçdigiçe has-da güýçlenip, ähli hökümet işlerinde durmuş ýörelgesine öwrüler.
«Associated Press» agentliginiň bellemegine görä, başlangyçda Mask bu departamentiň ýolbaşçysy hökmünde hökümetiň çykdajylaryny 2 trillion dollar azaltmagy maksat edinipdi. Soň bu maksadyny 1 trillion dollara çenli düşürdi, iň soňunda bolsa 150 milliard dollara çenli peseltdi. Soň ýene bir trillion dollara çykardy, soň bolsa gaýtadan 150 milliard dollara çenli peseltdi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......