Serdar Berdimuhamedow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça teklibi goldady

  • 30.05.2025 11:51
  • 10k+

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. 
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň, gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Serdar Berdimuhamedow teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......