The Last of Us serialynyň ikinji möwsümi finala çenli tomaşaçylarynyň ýarysyny ýitirdi

  • 29.05.2025 08:00
  • 5.7k+

The Last of Us (“Biziň birimiz”) serialynyň ikinji möwsümiň final bölümine 3,7 mln adam tomaşa etdi. Bu birinji möwsümiň ahyrky bölümine tomaşa edenlerden iki esse azdyr diýip, The Wrap habar berýär.

Maglumatlar HBO teleýaýlymynyň we Max akym hyzmatynyň auditoriýasyny göz öňünde tutýar. Birinji möwsüm premýerasyndan soň 90 günde 32 mln töweregi tomaşaçy ýygnap, HBO bilen Max-yň taryhynda iň üstünlikli premýera boldy. Onuň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş agşamy görkezilen jemleýji bölümine 8,2 mln adam tomaşa etdi.
2025-nji ýylyň aprel aýynda çykan ikinji möwsümiň premýerasyna 5,3 mln adam tomaşa etdi. 25-nji maýda görkezilen final bolsa 30% az tomaşaçy ýygnady. HBO gyzyklanmanyň pese gaçmagyny ABŞ-da 26-njy maýda bellenilýän Hatyra güni mynasybetli dynç alyş günleri bilen baglanyşdyrdy. Kompaniýa ýakyn günlerde tomaşa sanynyň artmagyna garaşýar.
Ikinji möwsümiň wakalary 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan birinji möwsümiň finalyndan bäş ýyldan soň bolup geçýär. Täze möwsümiň ikinji bölüminde Pedro Paskalyň gahrymany Joel heläk bolýar. Bu çözgüt hem muşdaklar, hem aktýoryň özi üçin garaşylmadyk boldy.
Max platformasy serialyň üçünji möwsüme uzaldylandygyny habar berdi. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, serialyň dowamynyň esasy gahrymany Ebbi bolar, onuň keşbini Keýtlin Diwer ýerine ýetirýär.
Taslamanyň şouranneri Kreýg Meýzin wakany dördünji möwsümde tamamlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......