ABŞ-daky kazyýet Trampyň gümrük paçlarynyň köpüsini ýatyrdy

  • 29.05.2025 15:42
  • 14k+

ABŞ-nyň Halkara Söwda meseleleri boýunça federal kazyýeti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlarynyň bikanundygyny aýdyp, olaryň köpüsiniň güýjüni ýatyrdy. Bu barada şu gün «Associated Press» agentligi habar berdi.

Üç kazydan ybarat kollegiýa bu karary birnäçe kazyýet işiniň netijesinde kabul etdi. Kazylar Trampyň 1977-nji ýylda kabul edilen Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar hakyndaky Kanuna salgylanyp, ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edip we giň möçberli nyrhlar girizip, öz ygtyýarlyklaryndan artyk hereket edendigini aýtdylar.
Bu karar demokratlar tarapyndan dolandyrylýan ştatlaryň hem-de Trampyň 1977-nji ýyldaky kanuna nädogry salgylanandygyny öňe sürýän işewürler toparlaryň peýdasyna kabul edildi.
Kazyýetiň karary Ak tamyň ýolbaşçysy tarapyndan aprel aýynda ABŞ-nyň ähli söwda hyzmatdaşlaryna garşy diýen ýaly girizilen nyrhlaryň, şeýle-de Hytaýa, Meksika we Kanada garşy girizilen gümrük paçlaryny ýatyrýar.
«CNN-iň» bellemegine görä, bu kazyýet karary Hytaýdan getirilýän harytlara degişli 30 göterimlik, Meksikadan we Kanadadan getirilýän käbir harytlara degişli 25 göterimlik, şeýle-de ABŞ-a getirilýän harytlaryň köpüsine degişli 10 göterimlik gümrük paçlarynyň güýjüni ýatyrýar.
Bu karar awtoulaglara, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryna, polada we alýumine degişli 25 göterimlik nyrhlary öz içine almaýar.
Trampyň administrasiýasy kazyýetiň kararyna garşy şikaýat berdi.
Ýatladyp geçsek, Donald Tramp giň möçberli paçlaryň girizilmegini ABŞ-da iş orunlaryny dikeltmek we federal býujet defisitini azaltmak üçin, girdejileri artdyrmak zerurlygy bilen düşündiripdi. Şeýle hem ol eger-de garşy taraplar Waşingtona «örän ajaýyp bir zat» teklip etseler, söwda gepleşiklerine açykdygyny aýdypdy.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......