Durow: Telegram-da Ilon Maskyň Grok çat-boty peýda bolar

  • 29.05.2025 15:48
  • 2.7k+

Pawel Durowyň «Telegram» messenjeri bilen Ilon Maskyň «xAI» atly startapy «Grok» çat-botuny ýaýratmak maksady bilen, bir ýyllyk hyzmatdaşlyga geldiler. Bu barada messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow «X» sosial torunda habar berdi.

Ol kompaniýanyň «xAI-dan» 300 million dollar aljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, «Telegram» arkaly «xAI» hyzmatlaryna ýazylan abunaçylardan gelýän girdejiniň 50%-i «Telegram-a» geçer.
Ulanyjylar «Grok» bilen «Telegram-yň» gözleg setiri arkaly aragatnaşyk gurap bilerler. Şol bir wagtda, «Grok» çatlaryň moderatory hökmünde hem bellenip bilner. Şeýle hem gysga habarlary giňeldip, has doly mazmuna öwrüp biler we çap edilen postlaryň faktlaryny barlap biler.
Soňra Ilon Mask Durowyň habaryny teswirläp, «hiç hili ylalaşyga gol çekilenok» diýip, belledi.
Jogap hökmünde Durow hem muny tassyklap, şeýle diýdi«Dogry. Prinsipde ylalaşyk gazanyldy, ýöne resmileşdiriş işleri heniz tamanlanmady».


01.04.2026 15:29
856

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...