Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy

  • 29.05.2025 16:00
  • 3.2k+

27-nji maýda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagata hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subai bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-bilim we söwda-ykdysady ugurlarda, şol sanda 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory” diýen ýokary derejäniň berlendigi üçin ýapon tarapyna hoşallygyny bildirdi.
Taraplar 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekilen “Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlag işi babatda hyzmatdaşlyk barada özära düşünişmek hakynda Ähtnamany” durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......