Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

  • 29.05.2025 16:09
  • 1.7k+

27-nji maýda Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Forumy Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) gurady.

Forumuň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärede Türkmenistana wekilçilik eden saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezow öz çykyşynda Türkmenistanyň çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň hukuklaryny üpjün etmäge hem-de ösüp gelýän ýaş nesiller üçin howpsuz we abadan jemgyýeti döretmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigi bellenilip geçildi, hususan-da, ÝUNISEF bilen gatnaşyklaryň çäklerinde gazanylan üstünliklere üns çekildi.
Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tejribe alyşdylar, çagalara gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini, şeýle hem bu ugurdaky sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......