5.4k+

Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi

«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi...

2.3k+

Donnarumma möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-dan The Best baýragyny aldy

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-nyň The Best baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Häzirki wagtda «Mançester Sitide» çykyş edýän derwezeban bu baýragy 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky ajaýyp çykyşlary üçin aldy...

6.5k+

Mbappe «PSŽ-e» garşy kazyýet işinde utdy: klub oňa 61 mln ýewro tölär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby «Pari Sen-Žermene» garşy tölenmedik zähmet haklary we bonuslar bilen bagly kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Parižiň Zähmet dawalary boýunça kazyýeti «PSŽ-ni» futbolça rugsat tölegleri bilen birlikde 61 mln ýewro tölemäge borçlandyrdy...

1.8k+

Luis Enrike möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubuna ýolbaşçylyk edýän ispaniýaly hünärmen Luis Enrike The Best FIFA Football Awards dabarasynda 2024/25 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip atlandyryldy. Bu barada Dohada geçirilen dabarada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) yglan etdi...

11k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

4.9k+

The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar

Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar...

16k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar...

3.2k+

«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy...

9.6k+

Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 200 million ýewro bahasy bilen dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Transfermarkt-iň täzelenen reýtingine görä, norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro ýokarlanyp, “Barselonanyň” we Ispaniýanyň ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal bilen deňleşdi...

2.4k+

Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy

Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi. 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy...

3.7k+

Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar

Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar...

13k+

«F-1-iň» Mercedes-AMG topary Waltteri Bottasy zibile zyňdy

Abu-Dabiniň Gran-prisi tamamlanandan soň, finlýandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Waltteri Bottas «Mercedes-AMG» toparyny resmi taýdan terk etdi. Ol bu ýerde 2025-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlykdaky sürüji bolupdy. Türgeniň degişgenligini we göwnaçyklygyny göz öňünde tutup, topar onuň bilen degişme äheňinde hoşlaşmak kararyna geldi...

6.9k+

«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris «Formula-1» möwsüminiň soňky tapgyrynyň – Abu-Dabiniň Gran-prisiniň jemi boýunça karýerasynda ilkinji gezek çempion boldy. Ýaryş ýekşenbe güni tamamlandy. Ýiti dartgynlylyk ahyryna çenli saklandy, çünki 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek titula birbada üç gatnaşyjy dalaş etdi...

4.4k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

10k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...