TFF-iň wekilleri Wankuwerde geçirilen FIFA-nyň 76-njy kongresine gatnaşdy

  • 09.05.2026 19:09
  • 3.4k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) wekilleri Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen FIFA-nyň 76-njy kongresiniň işine gatnaşdy. Bu barada Federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara forumyň dowamynda wekiller milli sporty ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hünärmenler bilen maslahatlaşmalary geçirdi. Esasy üns infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we hünärli işgärleri taýýarlamagyň innowasion maksatnamalaryny ornaşdyrmaga gönükdirildi.

Kongresiň çäklerinde türkmen wekilleri FIFA-nyň we daşary ýurtlaryň futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Taraplar çagalar we ýaşlar futbolyny ösdürmek hem-de sport seljermesi ugrunda tejribe alyşmak meselelerine aýratyn ähmiýet berdi.

Türkmenistanyň wekilleri FIFA-nyň täze tälimçilik programmalaryny öwrendi. Olaryň ornaşdyrylmagy milli klublarda we ýygyndy toparlarda türgenleşik işlerini dünýä standartlaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.

Forumyň gün tertibinde zenan futbolyny goldamak we bu ugry ösdürmegiň strategik meýilnamalaşdyrylyşy baradaky meseleler hem möhüm orun tutdy. Mundan başga-da, kongrese gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň wekilleriniň şeýle giň gerimli çärä gatnaşmagy ýurduň dünýäniň futbol jemgyýetçiligine işjeň goşulýandygyny we milli sportuň halkara meýdançasyndaky bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga çalyşýandygyny tassyklaýar.


düýn 22:49
3.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......