Infantino FIFA-nyň prezidentligine täzeden saýlanmak meýli barada yglan etdi

  • 05.05.2026 09:47
  • 3.5k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2027-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda guramanyň ýolbaşçylygyna öz dalaşgärligini gaýtadan hödürlemek isleýändigini resmi taýdan mälim etdi. 56 ýaşly futbol işewüri bu baradaky beýanatyny Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçen FIFA-nyň Kongresinde eden çykyşynda aýtdy.

Infantino 2016-njy ýyldan bäri FIFA-a ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol 2019-njy we 2023-nji ýyllardaky saýlawlarda ýeke-täk dalaşgär bolupdy. Häzirki wagtda onuň dalaşgärligini Aziýanyň, Afrikanyň we Günorta Amerikanyň futbol konfederasiýalary goldaýarlar. Bu bolsa gurama agza bolan 211 sany milli federasiýanyň 110-synyň goldawyny aňladýar.

Infantino öz işiniň çäginde 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 topar üçin pul baýraklarynyň möçberini ýene 2 million dollar artdyrdy. Mundan başga-da, ol FIFA agza bolan federasiýalaryň arasynda 2,7 milliard dollar paýlamagy söz berdi.

Guramanyň prezidentligine saýlawlar 2027-nji ýylyň 18-nji martynda Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde geçiriler.


düýn 22:49
2.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......