16k+

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenistana geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi hbar berýär...

13k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenbaşy şäherine geldi

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi...

5.4k+

Antoniu Guterreş BMG-niň forumyna gatnaşmak üçin Awaza geler

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada BMG-niň resmi habarlar saýtynda habar berildi...

12k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar...

14k+

Türkmenistan BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ilkinji gatnaşyjylaryny kabul edip başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar...

6k+

Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy...

7.6k+

Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar...

3.1k+

Raşid Meredow Seýşelleriň daşary işler ministri bilen Awazadaky foruma taýýarlygy maslahatlaşdy

Şu gün, 31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegond bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar...

10k+

Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy...

6.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

17-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Pawel Utýupin bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar...

3.3k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...