Awazada BMG-niň maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşylar

  • 01.08.2025 18:00
  • 6.1k+

4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek meselelerine garalar. Bu barada Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory Baýramdurdy Taýharow "Türkmenistan" gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk köp ugry öz içine alýar. Bäş günläp dowam etjek halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, mowzuklaýyn sergileri, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli günlerini öz içine alýar. Onuň dowamynda plenar mejlisler, ýokary derejeli mowzuklaýyn «tegelek stol» duşuşyklary we 7 sany ýokary derejeli forum geçiriler. Şolaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we aragatnaşyk boýunça çäre bar.
Gatnaşyjy döwletler, halkara guramalar we türkmen tarapynyň guramagynda birnäçe çäreler hem göz öňünde tutulýar. Olar ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet ýaly mowzuklara bagyşlanar.

Professor B.Taýharow sirkulýar ykdysadyýet barada aýratyn durup geçýär. "Sirkulýar ykdysadyýet — bu ykdysady nusganyň görnüşi bolup, onuň esasy maksady çig mallaryň, energiýanyň we serişdeleriň ulanylyşyny iň ýokary derejä çykarmakdan hem-de galyndylary iň pes derejä çenli azaltmakdan ybaratdyr. Bu nusgada önümlerdir serişdeler ykdysadyýetde mümkin boldugyça uzak saklanyp, abatlanylýar, gaýtadan işlenilýär ýa-da täzeden öndürilýär" diýlip, makalada bellenilýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlar forumy ýaşlara dünýä Liderlerine öz garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmek, ykdysady ösüşi höweslendirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin täze strategiýalary işläp düzmäge kömek eder. Maslahatyň çäginde geçiriljek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurduň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, BMG-niň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, halkara we sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşarlar.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......